parahat

parahat
[para:hat]
1) Uruş-galmagalsyz, dawasyz, agzybir, dostlukly, asuda, dynç.
∙ Sözleşeliň Adalatyň haky üçin, Parahat durmuşda dostluk beki üçin. («Oktýabr Ýalkymy»)
∙ Ajaýyp zat -- ýeriň ýüzi parahat, balalarym ylym alýar rahat. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
2) Gaý-harasatsyz, ümsüm, mylaýym.
∙ Diýdim men gaýdamda: -- Ak sen parahat, ekinmi garaşýar, arçadyk ýoluň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
∙ Emma ol tokaýlar bu günlerde parahat däldiler. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
∙ Howa gaý bolmasa, parahat bolsa, kasni-de ýuwaşdyr- ýadan ýalydyr. (Ş. Borjakow, Kaspi Kenarynda)
3) Ýuwaş, asylly.
∙ Salyh işan, sen örän parahat bolmaly! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Ol köçäniň ortasyndan parahat barýardy.
4) Parahat, arkaýyn.
∙ Meni şol jenaýatyň başyna elten hem seniň kakaňdy -- diýip, Gurt parahat bir görnüşini saklap jogap berdi. (A. Gowşudow, Mähri- Wepa)
∙ Gyzykly gürrüňler bilen gijäniň köpüsini geçirenlerinden soň sagat bäri parahat ukuda ýatyrdylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem parahat - parahady.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Смотреть что такое "parahat" в других словарях:

  • Turkmen language — language name=Turkmen nativename= tk. Türkmen dili familycolor=Altaic states=Turkmenistan, Iran, Iraq, Afghanistan, Turkey speakers=ca. 9 million fam1=Altaic [ [http://www.ethnologue.com/show family.asp?subid=90009] Ethnologue ] (controversial)… …   Wikipedia

  • FC Merw — Merw Full name Merw Ground Mary Stadium, Mary, Turkmenistan (Capacity: 10,000) League Turkmenistan League 2008 Turkm …   Wikipedia


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»